Milli mirasymyzy bütin dünýä ýaýmak, onuň gadymylygyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, şeýle hem zehinli ýaşlary halk köpçüligine tanatmak maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de giň gerimli işler alnyp barylýar. Golaýda muzeý işgärleri “Dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak, bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO–nyň adamzadyň maddy däl mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna hödürlenmegi mynasybetli “Gara gazma dil bitiren”atly aýdym-sazly duşuşygyny gurady.