Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralyndaTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň, muzeýlerimiziň gaznalarynyň üstüni täze tapyndylar bilen ýetirmek barada beren tabşyryklarynyň netijesinde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri welaýatyň dürli etrapdyr–obalarynda bolup her biri şöhratly taryhymyzdan söz açýan gymmatlyklaryň ençemesini toplap muzeýe getirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde muzeý gaznasyny has-da baýlaşdyrmak barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri welaýatyň dürli etrapdyr–obalarynda bolup, şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinden miras galan milli gymmatlyklarymyzy toplamak hem-de olary geljekki nesillere ýetirmek babatynda uly işleri alyp bardylar.
Belent maksatly menzillere tarap öňe barýan döwletli Diýarymyzda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlap, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda muzeýde bedew esbaplarynyň, şaý–sepleriniň wagtlaýyn sergisi hem-de “Bedew atym–ganatym” diýen buýsançly at bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberdi Baýramow çykyş edip, türkmen bedewiniň aýdym–saz sungatyndaky waspy barada gyzykly söz açdy.
Golaýda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisi guraldy. Sergide gyz–gelinlerimiziň ezber elleriniň gudratyndan dörän türkmen halylarynyň nusgalary, hormatly Prezidentimiziň türkmen halyçylyk sungatyny wasp edýän “Enä tagzym mukaddeslige tagzym”, “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp eserleri, milli saz gurallarynyň birnäçe görnüşleri tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2020-nji ýyly “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi her bir türkmenistanlynyň ata-watana bolan buýsanjyny, guwanjyny we söýgüsini artdyrdy.Bu şygar astynda Bedew bady bilen öňe barýan mähriban diýarymyzda hormatly Arkadagymyz ýaşlarymyzy watansöýüji edip ýetişdirmekde,olara gadymdan gelýän milliliklerimize uýmaklygy ündemek we wagyz etmek ýaly meselelere uly üns berýär.
Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan halkymyzyň taryhyna, medeni mirasyna dahylly gymmatlyklary toplamak, öwrenmek we olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek babatda asylly işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda muzeýiň işgärleri welaýatymyzyň dürli künjeklerinde iş saparynda boldular. Saparyň netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş–durmuşy, milli senetçilik sungaty, el hünäri we öý–hojalyk işlerinde ulanylan iş gurallary toplanylyp, muzeýiň maddy–medeni gymmatlyklarynyň üsti ýetirildi.
Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününiň şanyna guralýan dabaralar, geçirilýän şatlyk-şowhunly çäreler çuň many-mazmuna baýlygy bilen bir-birlerinden tapawutlanýar. Olaryň adamlaryň rahat dynç almaklaryny üpjün etmekde, eziz Diýarymyza, bagtyýar döwrümize bolan söýgüni artdyrmakda uly ähmiýeti bar.
2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” ýyly hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň we Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda “ Gözelligiň waspy ” atly baýramçylyk sergisi açyldy.
Şu at bilen 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň Nakgaşçylyk bölüminde okaýan talyplarynyň döreden eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasyna muzeýiň hünärmenleri ady agzalan ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary, mugallymlary hem-de Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler eýwanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly “Türkmen halysy-umumyadamzat ähmiýetli gymmatlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.