DAŞOGUZ WELAÝAT TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Bitaraplyk bagtyň binasy

Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe hormatly  Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary  esasynda  uly ösüşlere, rowaçlyklara  beslenýän  eziz Watanymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramçylyklara, şatlykly  senelere beslenýär. Daşoguz welaýat  taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde  2026-njy  ýyl  “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny dabaralandyrmak hem-de  Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli çeperçilik  sungatynda wasp etmekde  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Daşoguz şäheriniň  çagalar  çeperçelik  mekdebiniň guramagynda “Bitaraplyk  bagtyň binasy” atly bäsleşik  sergisi  guraldy. Sergide     Daşoguz şäheriniň  çagalar  çeperçelik  mekdebiniň we Köneürgenç şäheriniň çagalar  çeperçelik  mekdebiniň 1-2-3-4-nji synpda okaýan  okuwçylaryň Garaşsyz  Bitarap ýurdumyzyň asuda-parahatlygyny, halkymyzyň ruhy dünýäsini, medeni-mirasyny we Türkmenistan döwletimiziň şanly Bitaraplygyny wasp edýän eserler reňkli galamda, suwly reňkde, çekilen.

      Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda işen gatnaşanlara Daşoguz  şäheriniň  çagalar  çeperçelik  mekdebi, Türkmenistanyň Magtymguly  adyndaky  Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikdäki sowgatlary we  Hormat hatlary gowşuryldy.

      Dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy, asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalarry amal edýän   Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlary  sag, ömürleri  uzak, döwletli işleri rowaç bolsun !

 23.11.2026  ý

Taýýarlan :Muzeýiň muzeý gymmatlyklaryny hasaba

almak we saklamak bölüminiň müdiri:    Gunça   Seýidowa   

  Ýerine  ýetiriji :  Muzeýiň Kompýuter  ulgamlaryny

 dolandyrmak boýunça inženeri        Aýnur Allaýewa