DAŞOGUZ WELAÝAT TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Milli gymmatlyklaryň sergisi

      Daşoguz şäherindäki 25-nji orta mekdepde ÝUNISEF-iň wekilleriniň gelmegi mynasybetli Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi   milli gymmatlyklarymyzyň göçme  sergisini gurnady. Serginiň esasy maksady ýaş nesliň bilime bolan höwesini artdyrmak, milli we taryhy gymmatlyklarymyzyň üsti bn okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmek boldy. ÝUNISEF-iň çagalaryň ösüşine  we bilimine berýän ünsüne laýyklykda, okuwçylaryň döredijilik işleri we okuw esbaplary bilen bagly maglumatlar görkezildi.

     Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan işlerini açyp görkezýän bölümler döredildi. Myhmanlar we mekdep okuwçylary sergä uly gyzykanma bilen syn etdiler. 13.11.2026 ý

Taýýarlan : Muzeýiň  medeni aň-bilim we usulyýet işleri

  bölüminiň ylmy işgäri:    M.Garajaýewa

  Ýerine  ýetiriji : Muzeýiň Komýuter ulgamlaryny

   dolandyryjy inženeri:  Aýnur Allaýewa