Muzeýiň sergi zalynda türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp “Türkmen Alabaýy milli mirasymyz we buýsanjymyz” atly Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň hem-de Daşoguz şäheriniň M.Garlyýew adyndaky ýörite orta hünär mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň talyplarynyň çeken suratlarynyň sergisi gurnaldy.Sergide çeperçilik mekdebiň okuwçylarynyň we talyplaryň milli gymmatlygymyz bolan alabaýyň taryhy,onuň edermenligi,wepadarlygy we türkmen durmuşyndaky orny baradaky eserleri görkezildi. Çagalaryň we talyplaryň sergide hödürlän eserlerine sergä gatnaşyjy myhmanlar, welaýatymyzyň medeniýet işgärleri, halypa mugallymlar milli mirasymyz we buýsanjymyz bolan wepadarlygyň nusgasy hasaplanýan alabaýlaryň tebigy gözelligini, edermenligini çeperçilik taýdan beýan edilmegine ýokary baha berdiler.
Şeýle çäreler ýaş nesillerde watançylyga,millilige, tebigy baýlykjlarymyza buýsanç duýgylaryny ösdürmäge, şekillendiriş sungatyna bolan höwesini artdyrmaga ýardam edýär. Baýramçylyk ruhuna beslenen bu çäräniň soňunda sergä gatnaşyjy okuwçylar hem-de talyp ýaşlar şeýle eşretli zamanada ýaşadýan, döredijilikli zähmet çekip, okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýdyp, olaryň janlarynyň sag, tutýan il-ýurt ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 15.10.2026 ý
Taýýarlan: Ylmy barlag we sergi işlerini guramak
bölüminiň ylmy işgäri: B. Uzakberdiýew
Ýerine ýetiriji : Muzeýiň Komýuter ulgamlaryny
dolandyryjy inženeri: Aýnur Allaýewa
Privacy policy
© Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi
744300, Türkmenistan, ş.Daşoguz. N.Andalyp şaýolunyň 25-nji jaýy. Tel: +993 322 9 28 44, Fax: +993 322 9 40 32