DAŞOGUZ WELAÝAT TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ MEKANY

Dünýä halklarynyň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, her ýylyň 1-nji iýunynda giňden bellenilýän–Çagalary goramagyň halkara gününiň ýurdumyzda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslenmegi ýaş nesil hakynda edilýän aladalaryň aýdyň beýanydyr.
Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan “Türkmenistan–Bagtyýar çagalaryň mekany” atly baýramçylyk sergisinde ýerleşdirilen eserler, ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşy barada ähli mümkinçilikleriň döredilýändiginiň beýany bolup çykyş edýär. Sergä gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli ynsanperwer başlangyçlaryň ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň diňe bir häzirki döwrüň däl eýsem, geljek nesilleriň hem röwşen ýoluny şöhlelendirýändigini nygtadylar.
Ýatdan çykmajak pursatlara baý bolan bu gezekki sergide, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly baýlygymyzdyr” diýip belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzda mähriban çagalaryň şatlykly gülküleriniň hemişe belentde ýaňlanyp durmagy arzuw edildi!
01.06.2026 ý.

Muzeýiň Web-saýtynyň sahypasy üçin taýýarlan:Medeni aň-bilim we usulyýet işleri
bölüminiň ekskursiýanyň ýolbaşçysy L.Nurmedowa

Ýerine ýetiriji: Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak
we saklamak bölüminiň ylmy işgäri B.Uzakberdiýew