DAŞOGUZ WELAÝAT TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

GARAŞSYZLYK – HALKYMYZYŇ AK BAGTY

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi her bir türkmenistanlynyň ata-watana bolan buýsanjyny, guwanjyny we söýgüsini artdyrdy. Bu şygar astynda Bedew bady bilen öňe barýan mähriban diýarymyzda belent maksatlara ýetilýär.
Şeýle belent maksatlary öňde goýýan ildeşlerimiziň döredijiligini halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýramçylyk sergisi gurnaldy. Muzeý işgärleri tarapyndan, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde gurnalan “Garaşsyzlyk – halkymyzyň ak bagty” atly baýramçylyk sergisi bu gezek hem köp adamly boldy. Sergide ýerleşdirilen amaly-haşam sungatynyň eserleri has-da özüne çekiji bolup, Ruslan Abdullaýewiň “Wagt” atly nakgaş eseri, Çemen Käbeýewanyň “Zerim–zynatym” atly şaý-sepleri, Baýgeldi Annamedowyň “Behişdi bedew” ady bilen at heýkelleri hem-de Gaýrat Matkarimowyň ýüpekden taýýarlanan kagyzdaky miniatýura eserleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda erkin suratkeş Gaýrat Matkarimow bilen guralan döredijilik söhbetdeşligi serginiň täsirini has-da artdyrdy.
Birnäçe günläp dowam edýän bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, milli medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmäge döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar.15.09.2026 ý.

Taýýarlan: Laçyn Nurmedowa
Medeni aň-bilim we usulyýet işleri bölüminiň ekskursiýanyň ýolbaşçysy

Ýerine ýetiriji: Batyr Uzakberdiýew Ylmy barlag we sergi
işlerini guramak bölüminiň ylmy işgäri